SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZLY EKERANÇYLAR PAGTA ÝYGYMYNA GIRIŞDILER
Howa şertleri boýunça ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden ýygym möwsümi biraz gijiräk badalga alýan Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şu gün pagta ýygymyna girişdiler. Welaýatyň häkimliginde geçirilen iş maslahatynyň esasy meselesi ýygym möwsümini, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegini we sazlaşykly hereket etmegini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Demirgazyk sebitd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA RALLINIŇ HORMATYNA GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy - “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Şu gün agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren hem-de Türkmenistanyň geljekde hem sporty dünýä derejesinde ösdürmäge ýardam etmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň duşuşygynyň dabaraly çäresi geçirildi. Taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen “Amul — H...
BALKAN WELAÝATYNYŇ GARABOGAZ ŞÄHERINDE KARBAMID ÖNDÜRÝÄN TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän toplumynyň ýokary derejeli açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen himiýa senagatynyň bu ägirt uly kärhanasynyň dünýäniň energiýa diplomatiýasynda uly ähmiýeti bolar. Garabogaz karbamid toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa pudagynyň girdejililigini, onuň eksport mümkiçili...
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA «AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyry we ýeňijilere sylaglary gowşurmak dabarasy geçiriler. Dört günüň dowamynda ähli türgenler medallar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri alyp bardylar. Ýöne sport hereketiniň bäsleşikli häsiýete eýe bolmagyna garamazdan, açyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan gyzyklanma...
TAILAND PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Phantipha Iamsudha Ekarohit bilen duşuşyk boldy. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny beýan edip, türkmen tarapy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özaragatnaşyklaryň oňyn ne...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji senýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy, Iş dolandyryjysy Mahmud Waeziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ýola goýlan gepleşikleri geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy meselelerini ara alyp maslah...
“AMUL — HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISI BADALGA ALDY
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy. Öň ýanynda sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažla...