SOŇKY HABARLAR
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2018-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wladimir Meružanowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň m...
TÜRKMENISTANDA LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa we Türkiýe Respublikasynyň arasynda gol çekildi. Bu Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän halka...
WATANÇY NESLI KEMALA GETIRMEK — ENÄNIŇ BELENT WEZIPESI
Daşoguz welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyna bagyşlanan giň gerimli jemgyýetçilik çäreleri ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Bu çäreleri Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimligi guradylar. Çäreleriň hatarynda welaýat häkimliginiň binasynda geçirilen “Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk” atly maslahat bar. Oňa ähli welaýatlardan we paýt...
TÜRKMENBAŞY AÝLAGYNDAKY EMELI ADANYŇ EKOULGAMY DURNUKLY ÖSÜŞDE
Halkara deňiz portunyň gurluşygynda deňiz düýbünden çykarylan toprak Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda emeli ada döretmek üçin ulanylypdy. 170 gektar meýdany tutýan bu ada suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan mekanyna öwrüldi. Gyş gelmezden öň adanyň tebigatyna baha bermek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetinden hem-de oba hojalyk uniwersitetinden alymlar şol ýerde boldular. Çöller, ösümlik we haýwana...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatn...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MAÝK-NIŇ ÖŇDEBARYJY NEŞIRLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň (MAÝK) dürli jemgyýetleriň integrasiýasy babatynda Lýublýana teklipleri boýunça neşirlerine bagyşlanan tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Bu çäräniň işine ÝHHG-niň MAÝK-niň wekiliýet agzalary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli institutlarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdyla...
ILAT GAZNASYNYŇ ÄHLUMUMY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat - 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar...