SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE BMG GELJEKDE HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
2018-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň ykdysady we sosial meseleleri boýunça orunbasary Lýu Ženmin bilen duşuşdy. BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi üçin minnetdarlygyny bildirdi we bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek meýilini be...
PEKINDE “ÝÜPEK ÝOLY” ATLY TÜRKMENISTANYŇ ILKINJI WIZA HYZMAT EDIŞ MERKEZI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Pekinde “Ýüpek ýoly” atly Türkmenistanyň ilkinji wiza hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkezi döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürüjiler bolup Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we Hytaýyň “Beijing Sungxiong Foreign Service сompany” atly öňdebaryjy konsalting kompaniýasy çykyş etdiler. Merkeziň açylyş dabarasyna Hytaýyň döwlet we iri hususy syýahatçylyk düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Pekinde ýerleşýän d...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ HOWANDARLYGYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMYNYŇ MINISTRLER ÝYGNAGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň howandarlygynda «Durnukly we durmuşa çydamly jemgyýete tarap özgerişler» atly durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Forumy açyp, ECOSOC-ň Başlygy Mariýa Çitardowa dünýäniň ýetmiş bir göterimi arassa agyz suwuny ulanmaga mümkinçiliginiň bardygy barada...
«DAŞARY ÝURTLARDA BOLÝAN ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARA DÜŞEN RAÝATLARYŇ GORAGY» ATLY SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat adatdan daşary ýagdaýlarda meýilleşdirmek we seslenmek ugrunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň konsullyk gulluklarynyň mümkinçilikleriniň berkidilmegine we maglumat üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Okuw maslahaty Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler minist...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI “AMUL – HAZAR 2018” AWTORALLISINE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK BILEN TANYŞDYRYLDY
Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti GDA agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) halkara awtorallisine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy. GDA agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) sport gündeligine goşulan täze ralli bilen, Türkmenistanyň sport ulgamyndaky üstünlikleri bilen we Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige...
TÜRKMENISTANYŇ JIU-JITSU BOÝUNÇA ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA ÜÇÜNJI ORNA MYNASYP BOLDY
2018-nji ýylyň 10-16-njy iýulynda Aktauda (Gazagystan Respublikasy) erkek we zenan toparlaryň arasynda Aziýanyň Jiu-jitsu boýunça çempionaty geçirildi. Ýaryş «Mangystau Arena» sport toplumynda geçirildi. Ýaryşa 20 ýurtdan 400-den gowrak türgenler gatnaşdy. Bu çempionat Jiu-jitsunyň Halkara federasiýasynyň (JJIF) kadalary boýunça söweş, «ne-waza», duo we kontakt görnüşleri boýunça geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndysy bu çempionatda 24 türgenden ybarat boldy. Olaryň arasynda halkara ýaryşlary...
ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNDA HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ IŞGÄRLERINIŇ PROFESSIONAL DOGRUÇYLLYK WE ETIKA KADALARY MESELELERINE GARALDY
2018-nji ýylyň 12-13-nji iýulynda Aşgabatda ÝHHG-nyň Merkezi tarapyndan gurnalan «Hukuk goraýjy edaralarynda professional abraý we etika kadalary» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Milli howpsuzlyk, Içeri işler, Adalat we Goranmak ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça Döwlet gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty hukuk goraýjy edaralarynyň...