SOŇKY HABARLAR
“SYÝASAT WE JEMGYÝET” ATLY ÝYLLYK NEŞIRIŇ — ŽURNALYŇ TÄZE SANY
Ýurdumyzyň Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan 2017-nji ýyl üçin «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky, 5-nji sany çapdan çykdy. Ýyllyk žurnalyň sahypalarynda içerki giň möçberli özgertmeler, halkara gatnaşyklar jähetinde Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen öten ýylyň has ähmiýetli wakalary hakynda söhbet açýan makalalar ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda — ýurdumyzda “Sagdynlygyň we...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ WEKILÝETINI ÖZBEK LIDERI KABUL ETDI
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekilýeti 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny iberip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunda özb...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-türk konsullyk geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň başlygy j-p Mehmet Samsaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegi...
IORDAN HAŞEMIT PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmaga gelen Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara.ş) jenap Ismail Issa Ismail Rifae bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen-...
AŞGABATDA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-SAUD TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. M...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA ENERGETIKA INFRASTRUKTURASYNYŇ DESGALARYNYŇ TERRORÇYLYK HÄSIÝETLI KIBER HÜJÜMLERINDEN GORAGY BOÝUNÇA AMALY OKUW GURADY
2018-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan goraglylygy güýçlendirmek onuň esasy meselesi bolup çykyş etdi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYÝANLYDA GEÇIRILEN NAHAL EKMEK ÇÄRESINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizilmegi bilen 1000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik beren Gyýanly şäherçesiniň polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, soňra täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agajy ekmek bilen güýzki nahal ekmek möwsümine badalga berdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna halk hojalygynyň pudaklarynyň hemmesiniň diýen ýaly wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de Türkmenistanda akkredit...