RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Maý

HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERINE GARAMAK MAKSADY BILEN MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kiýew şäheri) jenap Ruslan Bolboçan bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar syýasy gepleşikleriň, halkara guramalaryň çägindäki diplomatik özaragatnaşyklaryň we parlamentara gatnaşyklarynyň  işjeňleşdirilmegin...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ 30-NJY MEJLISINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...

DOWAMY
pic
8 Maý

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.  Žurnal 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri – 23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda, şeýle hem Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owga...

DOWAMY
pic
8 Maý

BUHARESTDE HÄZIRKI ZAMAN MULTIMODAL ULAG INFRASTRUKTURASYNY DÖRETMÄGE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Diplomatik instituty bilen bilelikde «Häzirki zaman multimodal ulag infrastrukturasyny döretmek-Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde üstünligiň girewi» diýen at bilen tegelek stol geçirdi. Rumyniýanyň Ulag ministrliginiň Döwlet sekretary Maria Magdalena Grigore bu çäräniň esasy myhmany bolup gatnaşdy. Şeýle-hem tegelek stola Rumyniýanyň DIM-niň, Parlamentiniň, Biznes gurşawy...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTAN WE INDONEZIÝA GELJEKDE HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda pikirleri alyşdylar. Halka...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY: MEDENI MIRAS ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

2018-nji ýylyň 5-nji maýynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda medeniýet dessurlary we milli tagamlaryň XVI sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Özbegistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we akkreditirlenen halkara guramalary şeýle hem medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Her ýylda geçirilýän bu sergide Türkmenistanda çykarylýan dürli görnüşli önümleri özünde jemledi. Pagta süýü...

DOWAMY
pic
7 Maý

GYRGYZYSTANDA “TÜRKMENISTAN-BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KUBOGY ALMAK UGRUNDA KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji maýynda llçihana tarapyndan Gazagystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň hem-de Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetiniň futbol toparlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygyna bagyşlanan kiçi futbol boýunça “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kubogy almak ugrunda ýaryş gurnaldy. Bu ýaryş...

DOWAMY