SOŇKY HABARLAR
GERMANIÝA YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ DOLANDYRYJY MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerin...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY KIÝEWDE KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA TALYPLARYŇ ARASYNDA ÝARYŞ GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Kiýew şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okap bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş gurnaldy. Ýygyndy toparlaryň arasynda ýaryşlar Kiýewiň Milli ulag uniwersitetiniň sport meýdançalarynda geçirildi. Ýaryşa Kiýewiň Milli ulag uniwersitetiniň, Ukrainanyň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň, M.P.Dragomanow adyndaky milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Taras Şewçenko adyndaky Kiýew...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy. Prezident diplomaty, hormatly we jogapkärçilikli işe başlamagy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň doganlyk döwletlerdigini belledi we iki ýurduň gatnaşyklarynyň birek-birege ynamly alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde, iki döwletiň ýol...
MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY
2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň,...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASYNYŇ IŞGÄRLERI PEKINDÄKI GÖRELDELI MEKDEBE BARDYLAR
2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň HHR-ndaky Ilçisi Ç.Rustamowa we diplomatik wekilhananyň işgärleri çagalary bilen bilelikde, şeýle hem hytaý paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary Pekindäki «Şiszýa» atly göreldeli mekdebe baryp gördüler. Bu okuw edarasyna bolan sapar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek çygrynda gurnaldy. Hytaý mekdep okuwçylary türkmen myhmanlary üçin mekdep boýunça tanyşdyryş saparyny gurnadylar, synp otaglaryny görk...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI DAŞKENTDE KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap, Ilçihananyň işgärleriniň we Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. Çäräniň başlanmagynyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, Türkmenistanyň maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, halkara jemgyýetinde sagdyn durmuş ýöre...
AŞGABAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdujabar Abduwahitowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagtynda boldy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garaldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary ara alnyp...