SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PLOÝEŞTI ŞÄHERINDE TEGELEK STOL GURNADY
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Ploýeşti şäheriniň Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde şol ýokary okuw mekdebiniň Senatlar zalynda Türkmenistanyň energetika we ulag diplomatiýasy boýunça tegelek stoly gurnady. Tegelek stoluň işine Nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlar we talyplar, Prahowa welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti, Ploýeşti şäheriniň häkimliginiň işgärleri, Energetika ministrliginiň we Daşary işler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPAR BILEN GELDI
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Günüň ikinji ýarymynda Prezidentiň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KUWEÝTE RESMI SAPARY TAMAMLANDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine we “Dar Al-Athar Al-Islamiýa” muzeýine baryp gördi. Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar wagtynda berlen kabulhanasyndan Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine tarap ugrady. Toplumyň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Kuweýt Döwletiniň Emiriniň agtygy, Arap atlary merk...
MASYH MAKSATNAMASYNYŇ ENERGETIKA UGRY BOÝUNÇA UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Aşgabatda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI 2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Başt...
OWGANYSTANYŇ HALKARA GOLDAWY MESELELERINDE BMG-NIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ TAGALLALARYNY UTGAŞDYRMAGA GÖNÜKDIRILEN BMG-NIŇ HG-NIŇ REZOLÝUSIÝASYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2018-nji ýylyň 8-nji martynda kabul edilen Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifing Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde gurnaldy. Brifingiň işine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar...
OKSFORD UNIWERSITETINDE “TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy martynda Beýik Britaniýanyň “University of Oxford” ýokary okuw mekdebiniň “The Oxford Silk Road Society“ jemgyýeti bilen bilelikde, uniwersitetiň “Lady Margaret Hall” kollejiniň binasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda we gaýtadan dikelmeginde Türkmenistanyň ornuna hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ulag pudagynyň ähmiýetine bagyşlanylan maslahat we resmi kabul edişlik geçirildi. Çärä Beýik Britaniýanyň “University Çollege of London”, “Brunel University of Lon...