RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Mar

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ KUWEÝTE WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARLARY AMALA AŞYRAR

9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanag...

DOWAMY
pic
10 Mar

BAKUDA «TÜRKMENISTAN-BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň Nebit we senagat döwlet uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga akademikler, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde okaýan türkmen we Hytaýdan, Hindistandan we Bangladeşden talyplar gatnaşdylar. Çäräniň başynda Türkmenistanda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ý...

DOWAMY
pic
10 Mar

AŞGABATDA TÜRKMEN-TÜRK SYÝASY GEŇEŞMELERINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türk tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Ümit Ýardym ýobaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy gatnaşyklaryň ulgamlarynda ýola goýulan gepleşiklerini geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garadylar. Gatnaşyklaryň ösüşiniň gidişi bilen hoşal...

DOWAMY
pic
10 Mar

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞI MERKEZI AZIÝADA ADAM HUKUKLARYNY GORAMAK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI

2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi. Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny goramaklyga we bu ugurd...

DOWAMY
pic
10 Mar

TÜRKMENISTAN WE BANGLADEŞ HALK RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKDÄKI MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Bangladeş Halk Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Şähriýar Alam bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerip, taraplar olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlaryň, şeýle hem iki ýurdyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatda...

DOWAMY
pic
8 Mar

TÜRKMENISTAN WE TATARSTAN RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇ GERIMI BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-njy ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň öňdenbaryjy ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow, tatar tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Tatarstan Respublikasynyň Sena...

DOWAMY
pic
8 Mar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Eziz eneler!  Mähriban gelin-gyzlar!  Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!  «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda Halkara zenanlar gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna, joşgunly çärelere utgaşýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň köpugurly we örän baý mirasy bar. Bu mirasy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmak...

DOWAMY