SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdy...
Geljegi uly ugur: Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan
Häzirki döwürde ulag ulgamynyň ösdürilmegi geosyýasatyň möhüm ugrunyň hatarynda durýar, döwletlere we sebitlere uly ykdysady we syýasy bähbitleri üpjün edýän birleşdiriji kuwwatly serişde bolup hyzmat edýär, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap, ýaýbaňlandyrylan we howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny kemala getirmäge, ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy gurallarynyň birine öwürmäge gönükdirilen iri...
«Ýörite geýimler dünýäsiniň» ilhalar lybaslary
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň işleri barha ilerleýär. Döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilen şertlerden peýdalanyp, 2016-njy ýylda esaslandyrylan bu kärhanada edara-kärhanalar üçin ýörite iş geýimleri tikilýär. Öz işlerini lukmanlara we şepagat uýalaryna niýetlenen lukmançylyk geýimlerini tikmekden başlan bu kärhana häzirki wagt...
Türkmenistan Owganystanyň ykdysady goşulyşma proseslerine gatnaşmagyny goldaýar
2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Owgan wekiliýetine Owganystanyň dag-magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girdi. Duşuşykda wekiliýetleriň agzalary ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda...
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Çingiz Aýtmatow
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we...
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 828 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, arassalanan pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşi...