SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA “HAZAR DEŇZI-DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ” ATLY HALKARA OKUW MASLAHATY GEÇÝÄR
2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bil...
ÝAPONIÝADA «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Yaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýyl «Türkmenistan - Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» diýilip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzy wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň d...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY MINSKDE METBUGAT MASLAHATYNY GEÇIRDI
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, Milli Liderimiziň döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň ulag pudagyndaky ähmiýetini, Türkmenistanyň daşary syýasatyny, ulag we energetika diplomatiýasyny dünýä köpçüligine düşündirmek hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen 2018-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda metbugat maslahaty geçirildi. Geçirilen bu maslahata Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligini...
Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri üç...
AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Duşuşyga Horasanyň, Mazandaranyň, Gülüstanyň, Birjand şäheriniň, şeýle hem Sarahsyň ýöriteleşdirilen ykdysady zolagynyň we goňşy ýurduň beýleki şäherleriniň senagat merkezlerine wekilçilik edýän eýran kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 6...
DAŞKENT ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taraplar Tü...
AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÖNÜMLERINIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN SERGISI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisi açyldy. Şu gezekki foruma gatnaşmak üçin Aşgabada EYR-nyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadariniň baştutanlygynda ýolbaşçylardan we 60-dan gowrak kompaniýalaryň wekillerinden ybarat wekilçilikli topar geldi. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary,...