HEÝKELTARAŞLARYŇ BÄSLEŞIGI

photo

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli heýkeltaraşlaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşigiň ýeňijileri belli edildi. Hödürlenen heýkelleriň sergisi guraldy. Dabara halypa heýkeltaraşlar, mugallymlar, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, göni wideoaragatnaşyk arkaly bäsleşige gatnaşan daşary ýurtly heýkeltaraşlar hem gatnaşdylar. Dabarada ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli geçirilen halkara bäsleşigiň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Bäsleşige dünýäniň 11 döwletinden 89 heýkeltaraş 202 iş bilen gatnaşdy. Bäsleşik «Tegelek göwrümli heýkel eserleri», şeýle-de «Güberçek göwrümli heýkel eserleri (relýef)» usullary boýunça geçirildi. Hödürlenen işler «Meniň Watanym», «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany», «Bagtyýar durmuş», «Milli gahrymanlarymyz», «Taryhy şahsyýetler», «Zähmet», «Bagtyýar ýaşlyk», «Bagtly maşgala», «Medeni mirasymyz» ýaly temalar boýunça ýerine ýetirilipdir. Düzgünnama laýyklykda, heýkel işleri gips, bürünç, palestr, alýumin, daş we agaç materiallarynda ýerine ýetirilip, olar 50 — 150 santimetr ölçegde kabul edildi. Heýkelleri synlap, ony döredenleriň ýüzlenýän temalaryny içgin öwrenendiklerine, köpüsiniň diňe şol bir ugurda eser döredýändiklerine göz ýetirýärsiň.

Behişdi bedewler, taryhy şahsyýetler, türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligi, parahatçylygyň nyşany bolan akja kepderini sag golunda saklap duran oglanjyk ýa-da sportuň dürli görnüşinden söz açýan heýkeller heýkeltaraşlaryň başarnygyna, zehinine güwä geçýär.

Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, bäsleşigiň baş baýragyna «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly eseri bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nury Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Patdyk Patdykow mynasyp boldy. Baýrakly birinji orna «Bedew» atly eseri bilen Russiýa Federasiýasyndan Igor Burganow, ikinji orna «Arfa konserti» atly eseri bilen Ermenistan Respublikasyndan Haýk Tokmajýan bilen «Hakykat ýüze çykýar» atly eseri üçin Mongoliýadan Baýasgalan Batmagnai, üçünji orna Özbegistan Respublikasyndan «Al Horezmi» atly eseri bilen Nodirbek Usmanow, «Umyt» atly eseri bilen Hytaý Halk Respublikasyndan Jifei Lin, şeýle-de «Ýyldyzlara galtaşma» atly eseri bilen Wasiliý Gogol mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan heýkeltaraşlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

— Çagalykdan heýkeltaraş bolmagyň arzuwynda ýaşadym. Teleýaýlymlarda heýkeltaraşlaryň döredijiligine bagyşlanan gepleşiklere tomaşa ederdim. Gazetdir žurnallarda olar barada ýazylan makalalary höwes bilen okardym. Arzuwlarym meni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna alyp geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň halypalyk etmeginde heýkelýasamagyň, onda wakalary beýan etmegiň inçe syrlaryny öwrendim. Halkara bäsleşige özümiň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Sungat ägirtleri», «Enä hormat», «Halyçy gyzlar» ýaly eserlerim bilen gatnaşdym. Bu bäsleşikde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly eserim bilen baş baýraga mynasyp bolmagym buýsanjymy artdyrdy. Geljekde milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürjek ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olaryň başarnyklaryny açyp görkezmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize söz berýärin. Biz üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris — diýip, halkara bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi, ýaş heýkeltaraş Patdyk Patdykow buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Halkara bäsleşik üstünlikli geçirildi. Oňa hödürlenen işler köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Biz hem öz başarnyklaryny, zehinlerini halkara derejede ykrar etdirip, bäsleşigiň ýeňijisi bolan heýkeltaraşlary üstünlikleri bilen gutlaýarys.