Gurluşyk materiallary gurluşyk meýdançalaryna

photo

Şanly seneleri, okgunly ösüşleri, gazanylan zähmet ýeňişleri bilen taryhyň hakydasynda baky galjak 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz bilen mähirli hoşlaşyp, ýagşy niýetler, ak arzuwlar bilen öz ornuny ýene-de sanlyja günden 2026-njy ýyla berer.

Şöhratly ýylyň dünýä ýaň salan wakalarynyň naýbaşysy — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ilkinji gezek ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk şanly toýunyň halkara möçberinde giňden bellenilmegidir. Özenini döwletimiziň Bitaraplygynyň çuňňur mazmuny düzýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty beýleki döwletler üçin hem nusgalyk ýörelge bolup, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Bitaraplyk bu parahatçylykdyr. Parahatçylyk bolsa, halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň, ýurduň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemeginiň, ygtybarly geljeginiň kepilidir. Her bir ýurtda alnyp barylýan gurluşyk işleri şol döwletiň kuwwatlylygynyň nyşanydyr. Ynha, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty bilen halkara derejesinde ykrar edilen berkarar Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklar Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň jebisliginiň görkezijileridir.

Elbetde, gurmak üçin, ilki bilen, gurluşyk materiallary gerek. Bu islegi amal etmek maksat bilen ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan ýokary hil derejesindäki gurluşyk serişdelerini öndürýän kuwwatly kärhanalardyr zawodlaryň gurulmagy özüniň buýsandyryjy netijelerini berýär. Ýurdumyzyň diňe Lebap welaýatynda döwlet we hususy eýeçilikdäki şeýle kärhanalaryň we zawodlaryň onlarçasynyň bolmagy ýurdumyzda gurmak, döretmek meselesine aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Bu babatda sebitde bar bolan tebigy baýlyklaryň ummasyz gorundan ýerlikli peýdalanylýandygyny hem belläp geçmek hem ýerliklidir.

Şeýle kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geljegi uly bolan baý çig mal goruny özleşdirmäge mümkinçilik berjek köpugurly senagat merkezi döredilýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagynda Köýtendag kän müdirligi hem aýratyn orna eýedir.

Köýtendag kän müdirliginiň öndürýän önümleriniň tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyk işlerini bökdençsiz alyp gitmekde uly orny bardyr. Kärhanada gurluşyk işleri üçin wajyp ähmiýete eýe bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallary öndürilýär. Önümçilige yzygiderli kuwwatly enjamlaryň ornaşdyrylmagy we ýük awtoulaglarynyň sanynyň artdyrylmagy işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär. Oňa şu ýylyň dowamynda müdirlige Hytaý Halk Respublikasyndan «HCMG ZL50GN» kysymly ýük göterijileriň 3-siniň gelip gowşandygyny mysal getirmek bolar. Täze tehnikalaryň kärhanada zähmet öndürijiliginiň has-da ýokarlanmagyna täsiri uludyr. Häzirki wagtda müdirlikde ekskowatorlaryň 4-si, buldozerleriň 2-si, ýük göterijiligi uly bolan «Kamaz» kysymly awtoulaglaryň 14-isi, «MAZ» awtoulaglarynyň 12-si, ýükleýjileriň hem 8 sanysy netijeli işledilýär.

Önümçilik üçin zerur çig mal müdirlige degişli bolan 310 gektar karýer hojalygyndan alynýar. Onuň kärhana ýakyn ýerde ýerleşmegi zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem önümiň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna şert döredýär. Tejribeli hünärmenleriň yhlasy bilen önümçilikde çig malyň gelip gowuşmagyndan başlap, taýýar önümlere çenli tutuş tehnologik işler dolulygyna awtomatlaşdyrylan enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa, öndürilýän gurluşyk materiallarynyň tehnologik talaplara laýyklygyny we ýokary hil derejesini üpjün edýär. 2025-nji ýylyň 11 aýynda müdirlik tarapyndan magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 714 müň 350 metr kuby öndürilip, manat boýunça bu baradaky meýilnama 102,6 göterim ýerine ýetirildi.

Şol sanda, ýylyň dowamynda çagyl daşlarynyň 214 müň 470 metr kuby, ýuwlan çägäniň 317 müň 450 metr kuby, but daşlarynyň hem 46 müň 970 metr kuby, çagyl-çäge garyndysynyň hem 135 müň 480 kub metri öndürildi. Degişli döwürde kärhana boýunça ösüş depgininiň 124,8 göterime deň bolmagy bu ýerde iş öndürijiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Taýýar edilen gurluşyk serişdeleriniň ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklara bada-bat ugradylmagy müdirlikde önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyna güwä geçýär.