TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ KONSERWATORIÝALARYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK DOWAM EDÝÄR

photo

Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen M. Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda onlaýn sapagy geçirildi. Bu gezek üns aýdym-sazyň skripka saz guralyna gönükdirildi.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary üçin ussatlyk sapagyny Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň saz gurallary kafedrasynyň dosenti Ruben Smbatýan we şol bölümiň professory Gagik Smbatýan tarapyndan geçirildi. Ýaş sazandalaryň ýerine ýetirmegi bilen skripka saz guralynda 6 eser, şol sanda Aram Haçaturýanyň eseri hem diňlenildi. Ermeni mugallymlary konsertiň örän gyzykly meýilnamasynyň taýýarlanandygyny belläp we ýaş türkmen ýerine ýetirijilerine gymmatly maslahatlaryny berdiler hem-de başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýle ussatlyk sapaklarynyň bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga täsiriniň örän uludygyny belläp, iki dostlukly ýurduň konserwatoriýalarynyň arasynda eýýäm ýola goýlan hyzmatdaşlygy dowam etdirip, milli gurallar boýunça wideo sapagynyň 22-nji fewralynda boljakdygy mälim edildi. Indiki sapakda türkmen tarapyndan milli gurallary bolan dutar we gyjak, ermeni tarapdan – kanon guralynda çykyş ederler.