TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY ONLAÝN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşyga türkmen tarapyndan Türlmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň wekilleri, Senagatçylar birleşmesiniň agzalary we telekeçiler gatnaşdylar.
Ermeni tarapyndan duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, Ykdysadyýet ministrliginiň wekili, Söwda-senagat edarasynyň prezidiumyň agzalary, hususy telekeçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Teleköpri arkaly onlaýn duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy bilen Ermenistan Respublikasynyň
Söwda-senagat palatasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýurtlaryň telekeçileriniň arasyndaky işewür gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm ädim boljakdygy bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dokma senagaty, gurluşyk önümçiligi we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we özleriniň prezentasiýalary bilen çykyş etdiler.
Duşuşygyň soňunda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralary bilen iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.