ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA ORTA SÜÝÜMLI GOWAÇA EKILER

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine on dokuz müň tonnadan gowrak ýokary hilli tohum taýýarlanyldy. Tohumlar tutuşlygyna degişli gulluklaryň laboratoriýalarynda gögerişi, klasy, sort arassalygy we beýleki görkezijiler boýunça bellenilen kadalara laýyklygyna barlaglardan geçirildi. Ýörüte dermanlanylmagy tohumlary kesellerden, zyýan beriji mör-möjeklerden we hapa-haşal otlardan gorar.
Ýokary öndürijilikli tohumlar sebitde ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanalaryň onusyndan alyndy.
Ýylda tohumlyk pagtanyň 40 müň tonnasyny gaýtadan işleýän döwrebap kärhanaly we birbada 10 müň tonna pagta kabul ediji teminally Könürgenç etrabyndaky senagat toplumy Daşoguz welaýatynda iň ýokary öndürijilikli önümçilikleriň biridir. Bu ýerde ýokary öndürijilikli önümçiligiň bolmagy netijesinde ýokary gögerijilgi we biologik sypatlary bilen tapawutlanýan gowaça tohumlary taýýarlanylýar, olary ekişde ulanmak ykdysady taýdan netijeli hasaplanylýar.
Şu ýyl demirgazyk sebitiň ekarançylary ýerli toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3», «S-4727», «Jeýhun», «149F» sortlaryny saýladylar, olar, şol sanda berkligi we süýüm çykyşy babatda hem senagat toplumynyň talaplaryna laýyk gelýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatda ekişe taýýarlyk boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.