ILÇI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ KONSERWATORIÝA IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK – GATNAŞYKLARYŇ DOWAMLYLYGYNYŇ SUBUTNAMASYDYR

2021-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Komitas adyndaky Ýerewan döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşdy.
Duşuşyga sungat taryhçysy Narine Awetisýan, Ermenistanyň hormatly suratkeşi Anna Maýilýan, Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň Saz gurallary kafedrasynyň mugallymlary Ruben we Gagik Smbatyanlar gatnaşdylar. Sungat taryhçysy Narine Awetisýan M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň işgärlerine kanonyň, fortepýanonyň we skripkanyň aýdym-saz notalarynyň kitabyny sowgat etdi we olary türkmen kärdeşlerine bermegini haýyş etdi.
Ýadymyza salsak, 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri dört sany onlaýn duşuşygy geçirildi – wokal, fortepýano, skripka boýunça ussatlyk sapaklary we ermeni halk guraly bolan kanon we türkmen halkynyň saz gurallary boýunça onlaýn leksiýalar we konsertler gurnaldy.
Duşuşykda, geçirilen bilelikdäki onlaýn sapaklary barada pikir alyşdylar we iki döwletiň konserwatoriýalary bilen sungat işgärleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň soňunda myhmanlara türkmen tagamlary hödürlendi.