Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ýagny 12-nji Dekabr Halkara Bitaraplyk GÜNI diýip, BMG-syň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilendigi sebäpli Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalyp geçirilen BRIFING
2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan ermenistanyň “Noýan Tapan” habar beriş agentliginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen, ýagny 12-nji Dekabr Halkara Bitaraplyk GÜNI diýip, BMG-syň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilendigi sebäpli brifing gurnalyp geçirildi.
Bellenilip geçilen çäre Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, Daşary işler ministrligiň işgärleri, ýokary okuw jaýlaryň professor-alymlary, şeýle hem ylmy intelgensiýa we habar beriş gullugynyň žurnalistleri gatnaşdylar.
Brifinga gatnaşyjylara we habar beriş gullugynyň wekillerine 2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Dünýäde ilkinji sapar halkara baýramy hökmünde –Bitaraplyk Halkara Güni hökmünde bellenilýändigi aýan edildi. BMG-syň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen ähli agza döwletleriň goldamagynda bu karar kabul edildi. Şeýlelikde türkmeniň milli bayramy 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk Güni boldy.
Şeýle hem myhmanlara Bitarap Türkmen Döwletiniň daşary syýasatynyň işjeň wajyp ugurlary bilen, hem-de oňyn bitaraplyk derejesiniň ýurdyň daşary syýasatynyň esasyny tutyp, onuň ösüşine halkara derejesinde ýardam berýär, dostluk gatnaşyklary özgertmekde, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly ösüşleriň gurnalýandygy aýdyldy. Şu babatda bolsa, 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit Merkeziniň açylandygy bellenilip geçildi. Merkeziň ornynyň ilki bilen Merkezi Aziya döwletleriň arasynda ýüze çykýan meseleleri çözmek we olaryň öňüni almak, halkara guramalary bilen elmydama aragatnaşykda bolup, olaryň öňe sürýän ynsanperwer tagallalaryna we güýçlerine ýardam edip, BMG-nyň beýleki agetnlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, durnukly ösüş we dawalaryň öňüni alyş ugrynda işleýänler bilen hyzmatda bolýar.
Türkmenistanyň Milli Lideriniň parahatsöýüjilikli alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan BMG-nyň sebitdäki syýasy parahatçylygy, durnukly ösüşi, dostlukly gatnaşyklary ösdürýän ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýan döwletine öwrüldi.
Durnuklylygy, parahatçylygy, abadançylygy we ynsanperwerligi jemgyýetde yglan edip, Türkmen döwleti özüniň dünýä ýurtlary bilen aragatnaşygynda hem bulary aýan edýär. Oňyn bitaraplyk derejesi – Türkmenistanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny höküm edýär, Türkmen halkynyň mertebesini, abraýyny we milli guwanjyny, onuň ähli Dünýäniň halklary bilen parahatçylykda, dostlukda we ylalaşykda ýaşamaga gönükdirilendigini mälim edýär.