ÝEWROPA WE AZIÝA BARHA GYMMATLAÝAN SUWUKLANDYRYLAN GAZ UGRUNDA BÄSLEŞÝÄRLER

Energetika bazarynyň bilermenleri Ýewropa bilen Aziýanyň barha gymmatlaýan suwuklandyrylan gaz ugrunda baha bäsleşigine girendigini belleýärler. Statistika maglumatlaryna laýyklykda, serişde iberilişi häzirki wagtda barha ýokary galýar.
Onuň bahasy barha ýokarlanýar. 1-nji maýa çenli Ýewropanyň iň geçginli TTF biržasynda müň kub metr ýangyjyň bahasy 270 dollardan aşdy – diýip EADaily habarlar agentligi habar berýär.
Köplenç gyşdan we ýyladyş möwsüminden soň ýangyjyň bahasy düşýär, emma bu gezek Ýewropa rekord 76 milliard kub metr gazy sarp etdi, howanyň sowuklygy sebäpli ammarlara gaz bir aý giç akdyrylyp başlandy.
Ýewropaly delallar hatda gazyň rekord derejede köp iberilişindenem nägile. Olara edil aziýaly sarp edijilere bolşy ýaly, gaz has köp mukdarda gerek. Munuň özi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda gaz ugrunda bäslşige getirdi.
Kimiň utjagy, ilkinji nobatda kimiň gaz bilen üpjün ediljegi gazyň bahasyna bagly bolar. Aziýada ýüki üstüne eltip bermek şerti bilen lomaý bazarda bu serişdäniň bahasy 314 dollara ýetdi. Nasdaq agentliginiň maglumatyna görä, Aziýadky we Ýewropadaky bahalaryň aratapwudy ýangyç iberijilere gazy Aziýa eltmek üçin amatly bolar ýaly müň kub metri üçin 35 dollardan pes bolmaly däl. Häzire çenli şeýle tapawut saklanylýar.
Şol bir wagtyň özünde gaz daşaýjylaryň kireýi-de ýokarlanýar. Meselem, 26-njy aprelden 2-nji maýa çenli ol gije-gündizde 50-60 müň dollar bolanlygyndan 70-80 müň dollara çenli artdy.
Bilermenleriň pikirine görä, şeýle ýagdaýda diňe gazy turba geçirijilerden iberýänler, ýagny Russiýanyň «Газпром»-y utuş gazanýar. Deslapky maglumatlara laýyklykda Russiýanyň bu gaz läheňiniň alys daşary ýurtlara eksportunyň möçberi 2021-nji ýylyň dört aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkinden 28,3% artypdyr. Kompaniýa häzir-ä eksportuň möçberini ýokarlandyrmakçy däl. «Газпром»-yň dolandyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ýelena Burmistrowanyň aýtmagyna görä, häzir amatly ýagdaý döredi, gazaply gyşdan soň Ýewropanyň ýerasty ammarlary boşap galdy, bu hem ýagşy umyt döredýär.
Häzirki wagtda «Газпром» şertnama borçlaryny amal edýär we baha gaçyrmajak bolup bazara goşmaça gaz ibermeýär.
Bu täzelik Orta aziýaly gaz çykaryjylarda --Türkmenistanda, Gazagystanda we Özbegistanda ýagşy umyt döredýär, «Газпром» olardan ýangyç satyn alýar. KHBS Russiýanyň gaz läheňiniň Orta Aziýadan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyramgy göz öňünde tutýandygyny ozal habar beripdiler.