«TÜRKMEN ENJAM» HJ SEMENT ZAWODYNY GURÝAR WE TURBA ÖNDÜRÝÄR

«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan himiki täsire durnukly, uzak wagtyň dowamynda ýokary basyşa çydamly polietilen we polipropilen suw hem gasynlanan lagym turbalarynyň öndürilişini artdyrýar. Ýylyň başyndan bäri Kyýanlynyň polimer zawodyndaky ýerli öndürijilerden alynýan çig maldan eýýäm 200 tonna golaý önüm öndürildi.
Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat bazasynda turba çykarýan üç desga: uly we kiçi diametrli suw turbalary üçin КМЕ 105/36, uly diametrli gasynly lagym turbalary üçin UC- 315/48, elektrik simlerini geçirmek üçin kiçi diametrli gasynly turbalar üçin bolsa UC-36/50 kysymly desga işe girizilipdir.
Ýokary hilli we ygtybarly polimer önümlerini çykarmak üçin bu kuwwatlyklary ulanmak telekeçilere durmuş taýdan hyzmat edýän edaralary we gurluşykçylary ýurdumyzyň şäherdir şäherçelerinde inžener ulgamlarynyň bejergisi hem gurluşygy üçin zerur önüm doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Polimer önüminiň senagat önümçiligi Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň işinde ýeke-täk ugur däl. Telekeçiler on ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyza abzaldyr maşynlary we mehanizmleri getirmek, şeýle hem senagat desgalaryny gurmak bilen meşgul bolýarlar.
Öňdebaryjy ýewropaly şereketler bilen bilelikde biziň telekeçilerimiz dürli ministrlikleriň, şeýle hem daşary ýurtly iri şereketleriň baş potratçy bolup çykyş eden ýigrimiden gowrak desgasynyň durkunyň täzelenmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşdylar. Ýurdumyzdaky ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin ýygnama demirbeton önümlerini öndürýän ähli senagat kärhanalarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak öz goşnatlaryny goşdular.
Şu ýyllaryň dowamynda bu HJ esli ösdi we berkedi. Bu gün kärhananyň hasabynda gurluşyk tehnikasy we ýörite tehnika, gurluşyk hem montaž işleri üçin göteriji mehanizmler bar. Jemgyýetde öz taslama topary, şeýle hem gurluşyk, energetika, mehanizasiýa, KIP we awtomatika pudaklary boýunça ençeme tehniki hünärmenler zähmet çekýär. Telekeçiler Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 mln tonna bolan sement zawodyny gurmak üçin geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular. Olar bu desgany 2022-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýärler.