BELORUSYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ POÇTA ŞEREKETLERI HYZMATDAŞLYGY DOWAM ETDIRERLER

photo

2021-nji ýylda Belarusyň “Belpoçta” respublikan unitar kärhanasy bilen Türkmenistanyň “Türkmenpost” döwlet poçta şereketiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam eder.

“Belpoçtanyň” Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) we onuň kadalaşdyryjy-hukuk esasynyň çäginde, şeýle hem ikitaraplaýyn şertnamanyň esasynda halkara ýollamalar alyş-çalyş EMS pudagynda poçta hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde “Türkmenpoçta” bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

“Belarus we Türkmenistan Sebit arkalaşygynyň (SAA) işiniň çäginde aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýärler we öňdebaryjy tejribe alyşýarlar, ýagny SAA poçta komissiýalarynyň we SAA poçta operatorlary geňeşiniň mejlislerine, halkara seminarlara we sergilere gatnaşýarlar” diýlip, habarda bellenipdir.

“Belpoçta” we “Türkmenpoçta” hyzmatdaşlygy poçta aragatnaşygy pudagynda geçirilýän halkara çärelere, şol sanda BPA-nyň kongreslerine, ýygnaklaryna we halkara seminarlaryna gatnaşmak bilen amala aşyrýarlar.

“Belpoçtanyň” 31-nji martdan Belarusdan Türkmenistana poçta ýollamalaryna täzeden başlandygyny bellemek gerek. Bu ýurtdan ýazmaça ýollamalary (resminamalary) we posylkalary ibermek bolýar. Özi-de, EMS-iň çapar hyzmaty arkaly Türkmenistana getirip bermek entek ýok.

Türkmenistan bilen Belarusyň birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edýändigini ýatladalyň. Bu iki ýurduň arasynda, hususan-da, Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň çäginde import-eksport amala aşyrylýar.