ÝÜKÜŇ ILKINJI TAPGYRY BIŞKEKE ELTILDI

photo

Türkmenistandan Gyrgyzstana ilkinji haryt tapgyry eltildi. Bu barada Prezident Sadyr Japarowyň ýurdumyza resmi saparynyň dowamynda ylalaşyk gazanylypdy. Takmynan 20 tonna santehnika önümi, onlarça tonna pomidor, käşir we konditer önümleri Türkmenabatdan Bişkeke «Türkmenhowaýollary» agentliginiň IL-76 uçarynda iberildi. Mundan başga-da, birnäçe tonna nebit-himiýa önümleri (polipropilen, polietilen düwürleri), mata nusgalary we ş. m. gowşuryldy. Şeýlelik-de türkmen telekeçileri birnäçe gün mundan öň gol çekilen şertnamalary durmuşa geçirip başladylar.

2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz – Türkmen Ykdysady Forumynda bu iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem geýim we aýakgap önümçiligini, maýa goýum işlerini we iki döwletiň telekeçileriniň arasynda import-eksport amallaryny ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmek kararyna gelindi.

Bişkek şäheriniň howa menzilinde ýüki garşy alan Gyrgyzstanyň prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Adylbek Kasymaliýew Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasynyň açylandygyny nygtady: «Sözden işe geçmegiň wagty gelip ýetdi. Türkmenistandan ýük geldi, diýmek, baglaşylan şertnamalar eýýäm ýerine ýetirilip başlandy. Geljekde hyzmatdaşlygymyzyň gerimi diňe giňelmek bilen bolar diýip umyt edýärin».