TÜRKMEN GÖK ÖNÜMLERI GDA-NYŇ BAZARLARYNDA

photo

Türkmenistanyň oba hojalyk öndürijileri şitilhana pomidorlarynyň eksportyny iki esse artdyrdy. Türkmen eksportçylarynyň önümleri Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Owganystanda üstünlikli ýerlenýär. Şitilhana pomidorlarynyň aglaba bölegi, 32 müň tonnadan gowragy Russiýa Federasiýasyna iberildi. Bu, Türkmenistana Russiýa Federasiýasynda şitilhana pomidorlaryny iň köp üpjün edijiler sanawynda 4-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.

«East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň pikiriçe, türkmen pomidorlary daşary bazarlarda işjeň bäsleşýärler. «East Fruit»-iň derňewçileriniň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna şitilhana pomidorlarynyň importynyň yzygiderli azalýan şertinde Türkmenistanyň bu bazara «girmegi» ýylyň hakyky täsinlik boldy. Özi-de, Türkmenistan Russiýa iberýän pomidorynyň mukdary boýunça Özbegistanyň yzyndan ýetdi. Özbegistan-da ýylyň dowamynda eksportyny artdyrdy, ýöne ol diýen uly möçberde däl. Özi-de, ajaýyp tagamy we özüne düşýän gymmatynyň pesligi sebäpli, türkmen gök önümlerine GDA-nyň bazarynda ýokary baha berilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk bölüminiň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidor hasyly içerki bazaryň isleginden birnäçe esse ýokary bolupdyr. Ýylyň ahyryna çenli gök önüm öndürijiler öz ekin meýdanlaryndan on müňlerçe tonna ter gök önümleri ýygnamagy meýilleşdirýärler.

Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň telekeçileri döwletimiziň eksport mümkinçiligini güýçlendirmekde işjeň çykyş edýärler. Önümlerini eksport edýän iri gök önüm hojalyklarynyň köpüsi şu ýerde jemlenendir. Diňe şu ýyl ýurdumyzda alty sany şitilhana hojalygy açyldy. Şitilhanalar «Oguz ýol», «Daş demir», «Altyn bürgüt», «Mähriban obam», «Altyn gala» hojalyk jemgyýetleri we telekeçi S.Näzliýew tarapyndan gurlup, işe girizildi. Häzir segsen töweregi hususy hojalyk 400 gektardan gowrak meýdanda şitilhana gök önümini ösdürip ýetişdirýär. Umumy meýdany 1680 gektardan gowrak bolan 180 sany şitilhananyň gurluşygy bolsa dowam edýär.