TOHUMLAR TAÝÝARLANYLÝAR

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri agaçdyr gyrymsy agaçlaryň tohumynyň güýzki ýygymyna girişdiler. Jogapkärli güýzki tokaý ekinçiligi işleriniň biri bolan bu çäräniň sebitiň ýaşyl guşagyny dikeltmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýeti bardyr.
Şu günler dürli miweli ekinleriň, tuýanyň, sazagyň, gandymyň we beýleki ösümlikleriň tohumlary köpçülikleýin taýýarlanylýar. Tohumlar onlarça gektar ýer tutýan nahalhana hojalyklaryny doly üpjün eder.
Ýurduň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň demirgazygynda hem medeni we oba hojalyk zolaklardan daşary ýerlerde tokaýlary döretmäge, bioköpdürlüligi goramaga aýratyn üns berilýär. Ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak we tebigaty goramak işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça beýleki uly möçberli çäreler bilen birlikde şu işler milli maksatnamalaryň birnäçesinde göz öňünde tutulan. Bag ekmek we ýerlerden has netijeli peýdalanmak boýunça türkmen alymlarynyň taýýarlan maslahatlary esasynda tokaý hojalygynyň hünärmenleri sebitiň çöllük ýerlerinde her ýyl şora durnukly hem-de topragy berkidiji gara we ak sazak, çerkez, gandym we beýleki gyrymsy agaç nahallaryny ekýärler.
Her ýyl, şol sanda ählihalk çäreleriniň çäklerinde geçirilýän täze nahallary ekmek işleri tokaý hojalygynyň nahalhanalarynda pürli, saýaly we miweli agaç nahallarynyň has köp ýetişdirilmegini talap edýär.