BEÝIK ŞAHYRYŇ NEBERELERINIŇ SOWGADY

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky dogduk Gerkez obasyndaky muzeýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşda-da bellidir. 1983-nji ýylda açylan muzeý şahyra sarpa goýýanlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Oňa ýazyjy-şahyrlar, Magtymgulynyň eserlerini gaýry dillere terjime edýänler, şeýle hem onuň döredijiligini öwrenýänler gelýärler. Muzeýde şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanşykly, onuň ýaşaýan döwrüni görkezýän eksponatlar kän. Olaryň aglaba bölegini şahyryň döredijiliginiň muşdaklary beripdiler.
Olaryň arasynda gadymy türkmen gölleri salnan boýy 2, 75 m, ini 1, 60 m palas ünsüňi özüne çekýär. Ony Magtymguly etrabynda ýaşaýan Läle Myratgeldiýewa 1983-nji ýylda muzeýe sowgat beripdir. Ol türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Gurbandurdy Zeliliniň neberesi ekeni. Palasy Magtymgulynyň ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň aýaly Nury eje dokapdyr.
Çeperligi ilinden daşda-da belli Nury eje 1794-1878-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Onuň ýigrimi bäş ýaşlarynda dokan palasy aýawly saklanyp, nesilden nesle geçip gelipdir.
Dokalany bäri asyrlar geçse-de, palas gadymy we baky ýaş türkmen haly sungatyna mahsus gowy saklanypdyr.