BOL HASYL ALYNDY

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu ýyl hem geçen ýylky ýaly, däne kösükli we ýagly ekinleriň käbir görnüşlerini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Mäşiň, noýbanyň we künjiniň iň köp öndürilýän ýeri ýurdumyzyň demirgazykda ýerleşýän welaýatynyň howa şertlerinde olary ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplan S.Türkmenbaşy adyndaky we Köneürgenç etraplary. Ekin meýdanlaryndan ýygnalan hasylyň hemmesi ýöriteleşdirilen degişli barlaghanalarda hil barlagyndan geçirilýär.
Esasy wezipäni ýerine ýetirmekden daşary, sarp ediş bazaryny ýokary hilli ýerli azyk önümlerinden doldurmak we olaryň görnüşlerini artdyrmak bilen birlikde, hünärmenleriň pikiriçe, şeýle ekinler belli bir derejede ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna hem goşant goşýarlar. Mysal üçin, noýba topragy azot bilen baýlaşdyrýar we özünden soňky ekinler üçin peýdaly bolýar. Kösükli ekinler suwy diýseň tygşytly sarp etmek bilen, guraklyga we dürli kesellere çydamlydyr. Künji şert dannamaýan ýagly ekinleriň biridir we gurak şertlerde-de gowy hasyl berýär. Bu nukdaýnazardan, olaryň köpçülikleýin öndürilmegi ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň esasy meseleleriniň birine – suw we ýer gorlaryny has tygşytly peýdalanmak arkaly, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga laýyk gelýär.