MOLLAGARA – ŞYPALY SUWLY KÖLI

«Mir24.tv» saýtynyň habar bermegine görä, «MIR 24»-iň habarçysy Sergeý Polýakow belli «Mollagara» şypahansyna.
Žurnalist kölüň suwunyň ýylda dört gezek reňkini üýtgedýändigini belleýär. Ýaňyrak hem ol mawydy, häzir bolsa suw giňişligi goýy goňur reňke boýalypdyr. Reňki bilen birlikde suwuň himiki düzümi hem üýtgäpdir. Goňur reňkiň öwüşginleriniň peýda bolmagy daýanç-hereket ediş ulgamy keselli bolan myhmanlaryň gelmegine garaşylýan şypahanada täze bejeriş möwsüminiň başlanandygyny aňladýar.
Bu ýere saglygyny dikeltmek üçin, bilagyryly adamlar geläýrler, esasan hem gyşda. Şypahanada bejergiler her möwsümiň aýratynlyklaryna laýyklykda alnyp barylýar – diýip, «Mollagara» şypahanasynyň lukmany Gülnar Muhamowa habarça gürrüň beripdir.
Kölüň şypaly suwy we melhem palçyklary nerw ulgamynyň bozulmasy ýaly birnäçe keselleri bejermäge, gan aýlanyşyny we limfa akymyny gowulandyrmaga, bedeni kislorod bilen baýlaşdyrmaga, şeýle hem immunitet ulgamyny berkitmäge ýardam edýär. Palçyk bogunlara agyry aýryjy serişde hökmünde täsir edýär. Näsaglary «Mollagarada» indi 120 ýyl bäri bejerýärler. Şypahana gyş aýlarynda günde 500-e çenli näsagy kabul edýär, mundan başga-da «Mollagaranyň» palçygy we duzy beýleki şypahanalara-da iberilýär. Ol kosmetologiýada hem giňden ulanylýar.