SPANBOND MATALARYNYŇ ÖNÜMÇILIGI ARTÝAR

photo

«Garagum» hojalyk jemgyýeti dokalmaýan matanyň täze görnüşini – spanbond mata çykarmagy özleşdirýär. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda telekeçiler bu matanyň görnüşiniň ýylda 2500 tonnasyny öndürýän zawodyny gurdular. Häzir kärhanada enjamlary sazlama işleri alnyp barylýar. Dokalmaýan matany öndürmek üçin çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ýaly süýüm emele getirýän polimerler ulanylar.

Matalardaky bu süýümler dokmaçylyk usulyny ulanmazdan, aýratyn usul bilen özara baglanyşdyrylýar. Bu usul dokma önümleriniň ýerini tutýan, şol bir wagtyň özünde matanyň dykyzlygy, berkligi, ýygrylma hem sürtülmä çydamlylygy, howa geçirijiligi we beýleki görkezijileri taýdan has ýokary häsiýetlere eýe bolan täze gurluşly mata almaga mümkinçilik berýär. Bagtyýarlyk etrabyndaky zawod spanbond matanyň önümçiligini özleşdirýän ikinji kärhanadyr.

Aýratyn isleg «Türkmen Senet» HJ-niň polimer materiallardan ýasalan önümleri döredýär. Bu önümler dürli dykyzlygy, berkligi we ulanylyş maksady bolan iň ýukasy bir inedördül metri 0,10 gramdan 120 grama çenli bolan matalardyr. Dokalmaýan spanbond matadan lukmançylyk geýimleri we operasion örtükler, ýorgan-düşek taýýarlanýar. Bu mata agrotekstil önümçiliginde hem ulanylýar, gurluşyk membranalary we suw geçirmeýän serişdeleri üçin esas bolup durýar, ýeňil senagatda gaplaýyş serişdesi bolmak bilen, halta, torba we ş.m. öndürmek üçin ulanylýar. Bu matalardan zenanlaryň we çagalaryň arassaçylyk serişdeleri, lukmançylyk edaralary we gözellik salonlary üçin bir gezeklik geýimler tikilýär.

Dokalmaýan matalaryň ulanylyşy, ilkinji nobatda, onuň ýokary funksional häsiýetleri bilen kesgitlenýär. Fiziki we mehaniki häsiýetleriniň köp taraplylygy sebäpli, dokalmaýan materiallar gündelik durmuşda diňe bir gymmat bahaly dokma önümleriniň ornuny tutman, eýsem milli ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynda daşary ýurt önümleri bilen üstünlikli bäsleşip biler – diýip, «Türkmen Senet» HJ-niň baş müdiri Baba Örenyýazow belleýär.