HALYÇYLYK ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylygy ösdürmäge döwletimiz tarapyndan hemişe üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň hemme sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda bitirilen işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Has takygy, soňky döwürlerde welaýatyň Esenguly şäherinde 300 orunlyk, Serdar şäherinde 500 orunlyk, Bereket şäherinde bolsa 120 orunlyk täze halyçylyk kärhanalarynyň açylyp, işe girizilmegi hem türkmeniň bu inçe sungatyny ömürlik kesp — kär edinip, ykbalyny oňa baglan zähmetsöýer balkanly halyçylaryň ruhubelentligini has-da belende galdyrýar.
Döwletimiziň özleri barada edýän irginsiz aladalaryna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýän «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçy gelin-gyzlarynyň ýylyň-ýylyna gazanýan ýokary önümçilik üstünliklerem munuň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, mährem ene-mamalarymyzyň, nurana gelin-gyzlarymyzyň çäksiz yhlas-zehini, bimöçber tagallasy bilen belent sungat derejesine ýetirilen türkmen halylaryna, haly-palas önümlerine owal-ahyr könelmezlik bagty ýazylypdyr. Şu aýdyň hakykata gürrüňi edilýän halyçylyk kärhanasynda dokalýan nepis halylary synlanyňda hem göz ýetirýärsiň.
Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümindäki ilkinji kärhanalaryň hatarynda giňden tanalýar. Bu ýerde ynsan eli bilen döredilýän gözellikleriň iň kämili hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan türkmen halysynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, ony halkara möçberinde täze belentliklere götermekde guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Ussat halyçy gelin-gyzlaryň elinden çykan nepis haly we haly önümleri içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.
Şu ýylyn ýanwar aýynda hem bu ýerde dokalan dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleriniň maliýie hasabyndaky möçberi has artyp, degişli meýilnama 102 göterim berjaý edildi. Häzirki wagtda hem serdarly halyçylar gadymdan galan nusgalary dikeltmekde, halylara döwrebap öwüşgin berip, täze-täze nagyşlary, gölleri döretmekde öz ussatlyklaryny gaýgyranoklar. Olar her bir iş gününi ýokary zähmet görkezijilerine beslemek hyjuwy bilen has-da döredijilikli, tutanýerli zähmet çekýärler.