SOŇKY HABARLAR
Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildliň Lordy Wud bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm meselelerine garap, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini nygtad...
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem ýorgan-düşek daşlyklary, nah mata we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içer...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-de çap edildi
2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi. Olara aşakdaky resminamalar girýär: · Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy (A/81/460); · «Parahatçylygy...
Türkmenistanyň resminama mirasy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi
2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça sebit komitetiniň (MOWCAP) 11-nji Umumy mejlisi we halkara maslahaty geçirildi. Çäräniň guramaçylary hökmünde Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi, Indoneziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ÝUNESKO boýunça milli komissiýalary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Medeni miras gullugy çykyş etdiler. Halkara maslahatyň esasy t...
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
Paýtagtymyzda uly üstünliklere beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly şu gün öz işini tamamlady. Öz gözbaşyny gadymy halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly ýoly bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň teatr sungatymyz täze döredijilik gözlegleri bilen kämilleşýär, sahna sungatynyň döwrebap usullaryny özleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary w...
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly myhmanla...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy. Söhbetdeşler emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan be...