SOŇKY HABARLAR
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň esasy ykdysady ugurlaryny beýan etdi
23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýakyn ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerini kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan ugurlar hökmünde milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagy we raýatlaryň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyryl...
Türkmenistan ulag-logistika mümkinçiliklerini we pudagyň sanlylaşdyrylmagyny giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kuwwatly ulag-logistika ulgamynyň ýurdumyz we sebitiň döwletleri üçin ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga...
В МИД Туркменистана состоялось совещание по итогам заседания Халк Маслахаты
24 сентября 2026 года в здании Министерства иностранных дел Туркменистана состоялось рабочее совещание, посвященное итогам заседания Халк Маслахаты, прошедшего накануне под председательством Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага. В совещании приняли участие руководители Министерства иностранных дел Туркменистана, а также главы дипломатических миссий Туркменистана, аккредитованные зарубежом. В ходе совещания были обсуждены дальнейшие шаги по реализации задач, заложенных в...
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurtda geçirilýän çäreleriň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şeýle hem bir gün öň Aşgabat şäherinde Türkmeni...
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şä...
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nebit koksuny (TNGIZT-iň önümi), şeýle hem nah ýüplügi we düz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy. Mundan başga-da, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň,...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara...