SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana, ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gaza...
Türkmenistan intellektual eýeçilik ulgamynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň degişli halkara guramalar, hususan-da Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy (BIEG) hem-de Ýewraziýa Patent Guramasy (ÝPG) bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada...
Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisine taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, toparyň mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilmeg...
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini hem-de olaryň ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly ösüşlere, beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahrym...
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan garaýyşlaryna hem-de ýurduň sebitleýin we halkara guramalar bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri bo...
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde Türkmenistan ýaşlaryň bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş etdi
Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde çykyş edip, ylym we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz sebitde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biriniň ýaş nesli goldamakdan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň bilim ulgamlarynyň özara integrasiýasyny ösdürmekden ybarat...
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Söwda-senagat...