SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçiriljek ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýo...
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri açyldy
2026-njy ýylyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Gwangju şäherindäki Aziýa medeniýeti milli merkezinde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň, ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasy...
Aşgabatda «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi
2026-njy ýylyň 15–16-njy sentýabrynda Aşgabatda emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlygyň we häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegi bilen bagly möhüm meselelere bagyşlanan «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Seminaryň dowamynda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak, sanly infras...
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde 17 maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz çykyş edip, iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Olaryň hatarynda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» we «Korea Meditech Co., Ltd.» ýa...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýalaryny Türkmenistanyň ulag-logistika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmegi görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýany Hazar sebiti hem-de halkara ulag geçelgeleriniň beýleki ugurlary bilen birleşdirýän Ýewraziýa yklymynyň möhüm ulag-logistika merkez...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, dürli görnüşli senagat harytlary görkezilýär. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary dereje...
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Şu gün Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen duşuşdy. Ço Çon Sik belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu saparyň parlamentara hem-de döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam b...