SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Han Son Sukuň arasynda duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýandygyny belledi. Şeýle hem hanym Han Son Suk Koreýa Resp...
Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 14-15-nji sentýabry aralygynda Ýerewanda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlykda «Sebitara we sebitiçi aragatnaşygy berkitmek üçin durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge ýardam bermek» temasy boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak barada iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda durnukly ulag geçelgelerini ösdürmegiň...
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bugdaý ununy, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 328 million 843 müň manatdan gowrak bolan glisirrizin turşulygyny, buýan köküniň ekstraktyny, nah ýüplügi, çig ýüpegi, pagta süýümini, pa...
Türkmenistan: Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hyzmatdaşlygyň özboluşly ugry
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäginde geçiriljek esasy çäreleriň taýýarlygy jemleýji tapgyra gadam basdy. Çäreler şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Assosirlenen agza derejesine garamazdan, Türkmenistan Arkalaşykda birnäçe gezek, ýagny 2012-nji we 2019-njy ýyllarda üstünlikli başlyklyk etdi. Şol döwürde GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama (2019-nj...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurda ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýä döwletleri, şol sanda Aziý...
В городе Аркадаг состоялась Международная конференция высокого уровня
12 сентября 2026 года во Дворце «Ruhyýet» города Аркадаг, состоялась международная конференция высокого уровня «Независимый, постоянно нейтральный Туркменистан – Родина крылатых скакунов: зона мира, дружбы и сотрудничества». В мероприятии приняли участие члены Правительства, руководители министерств и ведомств, главы аккредитованных в Туркменистане дипмиссий и международных организаций, а также представители общественных организаций, политических партий, старейшины и молодёжь. Перед начало...
Aşgabatda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmek meseleleri boýunça ylmy-amaly maslahat geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow paýtagtymyzda şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasab...