SOŇKY HABARLAR
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny we motor ýagyny saty...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýär. Döwletara hyzmatdaş...
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Dialogyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça Dialogyň bilelikdäki ýolbaşçylary — Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar gullu...
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen tarapyndan agzalary, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet topary gatnaşdy. Mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alşyldy, ozal gazanylan ylal...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar. Öňde boljak sapara taýýarlyk görmek meselesine sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde garaldy. Guramaçylyk işleriniň alnyp barlyşy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Türkmenistan üçin strategik hyzmatdaşlaryň biri bolup, iki ýurduň arasy...
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniý...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda bir gün öň Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwleti...