img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Ermenistan Respublikasynyň bu m...

DOWAMY
pic
8 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.   Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň...

DOWAMY
pic
8 Okt

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birnäçe möhüm çärelere, hususan-da birinji Hazar ekologik sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu mejlis ilkinji gezek ýörite myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriler.

DOWAMY
pic
8 Okt

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

DOWAMY
pic
8 Okt

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar.

DOWAMY
pic
8 Okt

“Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Tü...

DOWAMY
pic
8 Okt

«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi

2026-njy çylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Forumda parlamentleriň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň bilermenleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş...

DOWAMY