RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Awg

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi Dabara her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýetiniň beýany boldy. Baýdak galdyrmak dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raş...

DOWAMY
pic
2 Awg

BMG-niň maslahatynyň myhmanlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelip başladylar

Türkmen halkyna mahsus bolan mähir we myhmansöýerlik bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 4–8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ilkinji myhmanlaryny garşylaýar. Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelen wekilleriň amatlylygy üçin olary garşy alyp, ýerleşdirmek maksady bilen häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän myhmanhanalarda ähli şertler döredildi. Maslahatyň geçirilýän günlerinde gatnaşyjylaryň amatly her...

DOWAMY
pic
1 Awg

Türkmenistanyň hususy pudagy — innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berýän güýç

?Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam edip, Türkmenistanyň ählumumy gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy we köpugurly diplomatik ýörelgelere ygrarly bolup, Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüş ýolundadygyny görkezýändigini bellemek gerek. Forumyň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmenistanyň saýl...

DOWAMY
pic
1 Awg

«Gerim» haryt nyşanly önümleriň gerimi giňeýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, energetiki desgalarda sazlaýyş-synag we abatlaýyş işlerini alyp barýan «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetinde dürli güýjenmeli elektrik energiýasyny sarp edijilere geçirmeklige niýetlenen açyk we daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriniň hem-de kabelleriniň dürli ölçegdäki görnüşlerini öndürmekligiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyrylypdyr. Bu önümçiligiň ýola goýlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, kärhananyň «Gerim» haryt nyşa...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär

Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder. Bu ýurtlara mahsus çäk taýdan üzňeligi ýeňip geçmek, maýa goýumlara, dünýäniň ykdysadyýetine we söwda bazaryna goşulyşmaga elýeterliligi giňeltmek babatdaky meseleleri çözmek bütin adamzat üçin ýetilmeli umumy sepgitler bilen berk...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar. Söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýrat...

DOWAMY