SOŇKY HABARLAR
Türkmen-Belarus hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gyzyklanma bildirdiler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyga...
Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Zagrebde
2025-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar iş sapary bilen Horwatiýanyň paýtagty Zagreb şäherine bardylar. Bu sapar ÝHHG-niň (Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy) Aşgabatdaky wekilhanasy tarapyndan guraldy. Horwatiýanyň paýtagtynda dürli neşirleriň wekilleri döwrebap şertlerde iş tejribesini alyşmak maksady bilen birnäçe günüň dowamynda duşuşyklary geçirerler. 7-nji iýulda Türkmenistanyň metbugat wekiliýetiniň...
Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň agza we synçy döwletleriniň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 8–9-njy iýuly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň synçy we agza ýurtlarynyň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli güýçlenýär. Şunuň bilen baglylykda bolsa oňyn Bitaraplyk syýa...
KHBS üçin maglumat
Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tarapgöý häsiýetli habarlar bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary beýan edýär. Türkmen tarapy şu ýylyň 8-nji iýulynda Ukrainanyň «FREEДОМ» teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä «ýapyklygy» barada aýdylan tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary bilen baglylykda nägileligini bildirýär. Bu ýagdaý aňrybaş düşünişmezligi döredýär, çünki...
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hanym Kallas Eýrandan öz ýurtlaryna gaýdan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlygyny beýan etdi. Taraplar Türkmen...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşyk bar bolan we täze sebitleýin parahatçylyk zolaklaryny döretmäge, olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem döwletleriň we sebitleriň arasynda dostlukly gatnaş...
Serbiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Belgrad şäherinde Prezidentiň köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) E.Aýdogdyýewiň Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Baştutanyna we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başly...