SOŇKY HABARLAR
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Sizi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň...
Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm ädim
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sandersiň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretaryň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagynyň çäginde geçirildi. Taraplar gümrük dolandyryşy pudagynda häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alnyp maslahatlaşdylar we gümrük edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyr...
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy. Bu maslahat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, 100-den gowrak ýurtdan ýokary wezipeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň 50-ä golaýyndan, öňdebaryjy kompaniýalaryň 20-den gowragyndan wekilleri jemläp, dünýä jemgyýetçiliginde ul...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we hlorly natrini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplük we nah mata, pagta sü...
Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň bu gözel künjekde yzygiderlilikde guralan milli günleriniň hem jemlemesine öwrüldi. Jemleýji günde Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän hem-...
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýörite brifing BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlandy. Ozal habar berlişi ýaly, 5 — 8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekiller gatnaşdylar. BMG ta...
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garal...