SOŇKY HABARLAR
Ermenistanyň Daşary syýasat edarasynda geçirilen duşuşyk.
2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary, iki dostlukly döwletiň halkara guramalarynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Ermenistanda medeniýet günlerini, akyldar şahyr Magtymgulynyň 300 ýyllygy boýunça çäreleriň geçiril...
TÜRKMEN-RUS STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADY BERKIDILÝÄR
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana resmi saparyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda: – Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk; – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etme...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň çäginde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň depginli häsiýetini nygtady. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem möhüm üns berilýär. Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen gat...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
Üstümizdäki ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny türkmen topragynda mähirli mübärekläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan d...
TÜRKMEN-TATAR GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmen-tatar gatnaşykl...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY BAŞLANDY
Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistana resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Şol günüň özünde Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin resmi saparynyň çäklerinde A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi. Myhman mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň öňünde eden çykyşynyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary...
TÜRKMEN-RUS IŞEWÜRLIK MASLAHATY
2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzüminde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy h...