img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Ýan

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýşynyň ýokary amatlylygy üçin täze “Akylly şäher” gurulýar

Türkmenistanda geçen ýylyň ahyrynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine Arkadag şäheri adynyň dakylmagy möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu şäher ýurduň Halk maslahatynyň Milli geňeşiniň karary esasynda Arkadag adyna eýe boldy. Ermenistanyň “Arminfo” habarlar gullugynyň Türkmenistanda akkreditirlenen habarçysy Marianna Mkrtçýan täze gurulýan Arkadag şäheri barada gyzyklanma bildirip,  Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen...

DOWAMY
pic
18 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi....

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇIKLIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşdy. Diplomatlar ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga, hukuk...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ARHIÝEPISKOP FEOFILAKT BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky Patriarhal dekanlarynyň ybadathanalarynyň dolandyryjysy Arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alşyldy. Bu nukdaýnazardan Arhiýepiskop Feofilakt, Türkmenistandaky rus prawoslaw ybadathanalarynyň işi üçin döredilen amatly şertler üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

DOWAMY
pic
17 Ýan

AŞGABATDA TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY MASLAHATLARY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy,...

DOWAMY
pic
16 Ýan

Elektrik energiýasynyň öndürilişi ýokarlanýar

Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatlylygy düýpli artdyrylan Balkanabat döwlet elektrik bekediniň täze önümçilik desgalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä barabar artdyryldy. Netijede, bu beket ýurdumyzda kuwwatlylygy boýunça elektrik energiýasyny öndürýän güýçli gaz turbinaly desgalaryň birine öwrüldi. Kärhanada geçen ýylyň jemi boýunça 2,2 milliartdan gowrak kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň iş meýilnamasynyň 108,...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ DAŞKY GURŞAW BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň BMG-n...

DOWAMY