SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ŽENEWADAKY HEMIŞELIK WEKILHANASY 2022-NJI ÝYLDA ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASATYNDA ILERI TUTÝAN UGURLARYNA BAGYŞLAP BRIFING GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň (Şweýsar Konfederasiýasy) Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna hem-de borçnamalaryna bagyşlap brifing geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, şeýle-de 2022-nji...
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI MUHAMMETGELDI AÝAZOW W.BRÝUSOW ADYNDAKY DÖWLET UNIWERSITETINIŇ ÝUNESKO KAFEDRASYNYŇ MÜDIRI, PROFESSOR TIGRAN TOROSÝAN BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Avazow W.Brýusow adyndaky Ýerewan döwlet diller we jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň adam hukuklary, demokratiýa we syýasy ylymlar bölüminiň başlygy professor Tigran Torosýan bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar medeni miras babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen diplomaty ermenistanly professory ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «HYTAÝ – MERKEZI AZIÝA» ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideo şekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasyn...
ÖNÜM ÖNDÜRILIŞI ARTÝAR
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda dokma senagaty hem bu gün şanly ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudagyň hatarynda göreldeli işleýän kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikinçilik kärhänasydyr. Bu ýerde ezber elli tikinçileriň onlarçasy zähmet çekýär. Olar 2021-nji ýylda özleriniň yhlasly zähmeti bilen netijeli iş görkezijilerine eýe bolup, geçen ýyly mynasyp jemlemegi başardylar. Has takygy, bereketli tikinçiler gürrüňi edilýän döwürde 12...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyl...
BALKANDAN DAŞOGUZA ÇENLI HALKALAÝYN ENERGOULGAMYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ GURLUŞYGY BAŞLANDY
?Türkmenenergogurluşyk» konserniniň potratçy guramalary Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdirip, sebitleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etjek halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişdiler. «Balkan» kiçi bekedinden Daşoguza çenli EGL-500-iň uzynlygy 560 kilometrden gowrakdyr. Şu aralykda geljekki EGL-iň sütünleriniň 1446-sy oturdylar. Gurluşygyň baş potratçysy elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygyna telekeçi düzümleriň birnäçesini çekdi...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle...