SOŇKY HABARLAR
DIM-DE HHR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Duşuşygyň çäklerinde şeýle-de Döwlet baştutanlar...
«JOHN DEERE» KOMPANIÝASY SÜRÜJISIZ TÄZE TRAKTOR BILEN TANYŞDYRDY
?John Deere» kompaniýasy smartfondan işledilýän tapgyrlaýyn öndürilýän täze traktor bilen tanyşdyrdy. Täze innowasion enjama sürüji gerek däl, indi ony smartfondan hem dolandyryp bolýar. Onuň täze nusgasyny «John Deere» 8R traoktorynyň binýadynda döretdiler. Traktor GPS-modul we töwerege syn etmek hem-de päsgelçilikleri görmek üçin kameralaryň altysy bilen üpjün edilen. Amerikan maşyngurluşygy kompaniýasynyň menejmenti eýýäm şu ýyldan täze traktory köpçülikleýin satuwa çykarmagy göz öňünde tutýa...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA DERWAÝYS NEŞIRLERIŇ ÇAPDAN ÇYKMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» we «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýe...
TÜRKMENISTANDA EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA BENZIN ÖNDÜRILÝÄR
Nebit we gaz öndürýän ýurtlaryň nebit-himiýa önümçiligini döretmek arkaly öz ykdysadyýetlerini diwersifikasiýa etmegi bütin dünýäde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan işdir. Diňe soňky ýyllarda «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» täze önümçilik toplumlarynyň, Gyýanly polimer zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy ýaly uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirildi. Uglewodorod çig malyny gaýtadan ymykly işleýän bu kärhanalaryň hemmesi innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyry...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 54-SI HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, awtoulag benzinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI ÖZBEGISTANA SAPARY AMALA AŞYRDY
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti G...