SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER
2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleri arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Sadyk Imom ýolbaşçylyk etdi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy we diplomatik gepleşikleriň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejede yzygiderli aragatnaşyklaryň ähm...
SAMARKANTDA TÜRKI DÖWLETLERI GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türki döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky dokuzynjy mejlisi özbek tarapynyň baştutanlyk etmeginde Samarkantda öz işine başlady. Bu çärä Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň baştutany, Daşary i...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze möhüm desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hoj...
ERMENISTANYŇ YKDYSADYÝET MINISTRLIGINDE YKDYSADY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary A.Arzumanýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda haryt dolanşygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. A.Arzumanýan häzirki wagtda iki ýurduň arasynda ýük gatnawlaryny ýola goýmak hem-de syýahatçylygy ösdü...
Magtymgulynyň 300 ýyllygy belleniljek ýyl türki dünýäniň beýik şahyrynyň ýyly diýlip yglan edildi
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar. Şol mejlisiň jemleýji resminamasynda öz beýan...
TÜRKMENISTANDA KOREÝ MEDENIÝETINIŇ GÜNLERI BADALGA ALDY
Koreý kinosynyň festiwalynyň açylmagy bilen, 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri badalga aldy. Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sung-Çul Şin şanly waka mynasybetli dabaradaky çykyşynda iki dostlukly halkyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen bu g...
Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň saglyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň goldawy bilen COVID-19 üçin 250 müň sany ekspres-testleri (çalt barlag enjamlary) aldy. SARS-CoV-2 wirusynyň antigenini hil taýdan kesgitlemäge niýetlenen ekspres-testler (çalt barlag enjamlary) deslapky anyklaýyş işini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Olar keseliň irki döwründe, ýagny biomaterialda wirusyň möçberi iň ýokary derejede bolanda, anyk maglumat berýärler. Şeýle hem,...