SOŇKY HABARLAR
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE ŞAWKAT MIRZIÝOÝEW TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, dostlukly ýurduň Baştutanyna gadymy Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini üstünlikli geçirmek baradaky arzuwyny beýan etdi hem-de Özbegistanyň başlyklygynda sammitiň netijeli...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ GÜNORTA WE MERKEZI AZIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA KÖMEKÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň...
UNHCHR MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK BARADA
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Rişard Komenda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG AHÝK-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilşini we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary boýunça konwensiýalaryn...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça kömekçisi Donald Lunyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, şeýle hem halkara we sebit temalaryna, şol sanda owgan meselesine-de seredip geçdiler. Gepleşikleriň dowamynda aç-açanlyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ý...
Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýet, sunga...
Türkmenistanyň kinologiýa bölümleri Ýewropa standartlary özleşdirdiler
1-nji noýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin kinologiýa bölümleriň işini hem-de hukuk goraýjy edaralary üçin kinologlary taýýarlamak boýunça ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen okuw maslahatyny geçirdi. Bu çäre, gatnaşyjylaryň kontrabandanyň dürli görnüşlerini ýüze çykarmakda kinologiýa bölümleriniň işiniň gurnalyşy, onuň ähmiý...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyryla...