SOŇKY HABARLAR
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ibrahim Raisi 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiril...
TÜRKMENABATDA GARYŞYK MINERAL DÖKÜNLER ZAWODY GURLAR
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhana gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Şu maksak bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hünärmenleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde zerur resminamalar taýýarlanyldy. Bar bolan düzümleri nazara alyp, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhananyň işini ý...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi 28-nji noýabrda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi. Ýokary derejeli myhmany Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde resmi garşy almak dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady...
«GERÇEK» AÝAKGAP ÖNÜMÇILIGINI ÖSDÜRÝÄR
Erkek, zenan, çaga aýakgaplarynyň, şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin aýakgaplaryň bahar, tomus, güýz we gyş görnüşlerini tikmek bilen meşgullanýan «Gerçek» hususy kärhanasy önüminiň möçberini artdyrdy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, şu ýylda otuz göterim köp, ýagny sekiz million jübütden gowrak dürli aýakgap öndürildi. 500-den gowrak işgäriň işleýän ýedi ussahanasynyň jemlenen Mary welaýatynda kärhanasynda sintetik we ekologiýa taýdan arassa serişdelerden açyk hem ýapyk görnüşli aýakgap ö...
EMOMALI RAHMON AŞGABADA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana iş sapary amala aşyrylar. Saparyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Baştutany 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşar. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany resmi garşy almak çäresinden soňra bu ýerde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň söhbe...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA ÝOKARY DEREJELI GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ýokary derejeli myhmanyň awtoulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra iki ýurduň Baştutanlary özleri ü...
TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ DEMOKRATIK ÝÖRELGELERINI PUGTALANDYRYP
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berdi. Şol d...