SOŇKY HABARLAR
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Ertir, 28-nji noýabrda doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.
TÜRKMENISTANDA ÖNÜMLERIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI ÖNDÜRILER
Türkmenistanda ykdysadyýeti diwesifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksporty artdyrmak milli maksatnamalara laýyklykda önümçilik düzümleri giňeldilýär we içerki hem-de daşarky bazarlar üçin öndürilýän önümleriň sanawy köpeldilýär. Hökümetiň Sişenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky...
AŞGABATDA YHG-NIŇ AGZA DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 25-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler minis...
TÜRKMENISTAN «HAZAR NEBIT-GAZ MEMORANDUMYNYŇ» TÄZE SANYNDA
Hazarýaka ýurtlaryň nebit-gaz pudagyndaky möhüm ähmiýetli wakalary barada gürrüň berýän «Hazar nebit-gaz memorandumynyň» 14-njy noýabrdaky sanynda türkmen tematikasyna saldamly ýer berlipdir. 2021-nji ýylyň oktýabryna berlen synda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşygy barada habar berilýär, onda Hazaryň türkmen ýalpagyny işlemekde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Telekeçiniň döwlet Başt...
TÜRKMENISTAN ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ ХХ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda agza döwletle...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EADARLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ GÜN TERTIBI BOÝUNÇA PIKIR ALYŞDYLAR
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň hem-de Abdulaziz Kamilowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Diplomatlar sebit derejesindäki özara hereketleriň depginine aýratyn ähmiýet bermek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp m...
TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATY KUWWATYNY ARTDYRÝAR
Ýurdumyzyň daýhanlarynyň 1 million 250 müň tonnadan gowrak «ak altyn» öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada ýakynda gelen habarlardan soň, ýene bir gowy habaryň şaýady bolduk –Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda has döwrebap dokma toplumy açylar. Bu iki wakanyň arasynda 30 ýyl Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň çig mal ýurt statusyny düýpgöter üýtgedip, dünýä bazarynda gadyry artýan ýokary hilli dokma önümlerini öndürijä öwrülendigini görkezýän...