SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY BOÝUNÇA PIKIR ALYŞDYLAR
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki bilelikdäki...
PLASTMASSANYŇ ÝERINE EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA WE MODALY ESBAPLAR
Bütin dünýäniň daşky gurşawy hapalaýan plastika garşy göreşýän häzirki döwründe dürli ýurtlarda plastik torbalaryň deregine ekologiýa taýdan arassa çalşyrgyçlar hödürlenýär. Bular dury poliester torbalar, häzirki zaman moda biçüwçileri tarapyndan gaýtadan dikeldilen örme torbalar we mekgejöwen krahmalyndan öndürilen edil plastmassa meňzeş, ýöne ekologiýa taýdan arassa torbalardyr. Hatda, öň zibil hasaplanýan dökülen ýapraklardanam häzirki zaman tehnologiýasy azyk önümleri üçin kagyz we kagyz tor...
TÜRKMEN-EÝRAN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA SEREDILDI
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şun...
«MIZEMEZ GADAM» HUSUSY KÄRHANASY IZOGAM EKSPORT EDÝÄR
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde telekeçilik ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin döredilen giň şertlerden ýerlikli peýdalanyp, dünýä bazarynda islegli, ýokary hilli şeýle-de ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan harytlary öndürmäge ukyply bolan hususy kärhanalaryň sany bolsa barha artýar. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şol sanda halkara hem-de sebit gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirl...
ÖSÜŞ DEPGININE MÖHÜM GOŞANT
Ýurdumyzyň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri Türkmenistanyň umumydöwlet we pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, dürli görnüşli önümleriň öndürilmegine möhüm goşant goşmak bilen, türkmen ykdysadyýetiniň depginli we durnukly umumy ösüşini üpjün edýärler. Hususy hojalyklaryň oba hojalygyndaky görkeziljileri aýratyn täsir galdyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, mülkdar hojalyklarynda iň ýokary ös...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ynanyşmak, özara hormat goýmak we bähb...