SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJEDÄKI STAMBUL SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik ugur boýunça özara gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagy,...
BEÝIK ŞAHYRYŇ NEBERELERINIŇ SOWGADY
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky dogduk Gerkez obasyndaky muzeýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşda-da bellidir. 1983-nji ýylda açylan muzeý şahyra sarpa goýýanlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Oňa ýazyjy-şahyrlar, Magtymgulynyň eserlerini gaýry dillere terjime edýänler, şeýle hem onuň döredijiligini öwrenýänler gelýärler. Muzeýde şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanşykly, onuň ýaşaýan döwrüni görkezýän eksponatlar kän....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ 8-NJI SAMMITINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) sekizinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýäniň Stambul şäherine iş sapary bilen ugrady. «Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler» şygary astynda geçýän nobatdaky mejlise Türki geňeşiň agza-döwletleri we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy döwlet bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Preziden...
GOPUZ GYZ TUMARY WE HALK SAZ GURALYDYR
Çankowuz, kubyz, dan mina, şankobyz, gopuz, wargan ýa-da zubanka – bularyň hemmesi gaty gadymdan biziň döwrümize gelip ýeten dilli saz guralynyň atlarynyň käbiri. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu gural häzirki wagtda hem meşhur, çünki gopuz çalmagy öwrenmek üçin, sazçylyk mekdebiniň ýa-da konserwatoriýanyň talyby bolmak hökman däl. Türkmen maşgalalarynda gopuz çalmagy gyzlara çagalykdan öwredipdirler. Gyzlar ony hemişe elýetrde bolan «sazly tumar» hökmünde göteripdirler. Ata-babalar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 12-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna gitdi. Saparyň çäklerinde Döwlet Baştutany Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) nobatdaky Sammitiniň işine gatnaşar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna sapary geljekde giň köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklaryň, deňhukukly we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň, şeýle-de döwletleriň we halklaryň arasyndak...
TÜRKMENSITANDA ÝENE BIR ÄPET HALY DOKALAR
Türkmenistanda ýurduň Bitaraplyk gününe gabatlap, meýdany 210 inedördül metr haly dokalar. Balkan wealýatynyň Serdar şäherindäki çeper haly kärhanasynyň ussat halyçylary täze naýbaşy haly dokaýaralr. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewanyň aýtmagyna görä, äpet hala ahal gölleri salnar we ol «Türkmeniň ak öýleriniň» birini bezär. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi tötänden däldir. El haly dokamak...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ VIII MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Nobatdaky köptaraplaýyn duşuşygyň gün tertibi örän baý. Onuň dowamynda Döwlet baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türki dilli döwletleriň bileleşiginiň ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly köptaraplaýyn...