SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ IŞEWÜRLERI KÖPTARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Aşgabada iş sapary bilen Awstriýanyň işewürler topary bilen duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda energetika, ulag we logistika, ýeňil senagat, söwda we ykdysadyýet, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we farmasewtika, şeýle-de beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeň özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň ç...
2021-NJI ÝYLYŇ 10 AÝYNDA TÜRKMENISTANYŇ JIÖ-IŇ ÖSÜŞ DEPGINI 6,2 GÖTERIME BARABAR BOLDY
2021-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi. 2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bil...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy noýabrda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşygy geçirildi. R.Meredow özüniň giriş sözünde, Türkmenistanyň Awstriýa bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn hem-de köpugurly özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Işjeň ýag...
TOHUMLAR TAÝÝARLANYLÝAR
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri agaçdyr gyrymsy agaçlaryň tohumynyň güýzki ýygymyna girişdiler. Jogapkärli güýzki tokaý ekinçiligi işleriniň biri bolan bu çäräniň sebitiň ýaşyl guşagyny dikeltmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Şu günler dürli miweli ekinleriň, tuýanyň, sazagyň, gandymyň we beýleki ösümlikleriň tohumlary köpçülikleýin taýýarlanylýar. Tohumlar onlarça gek...
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDA
2021-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda giň gerimde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekemk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýykl...
TÜRKMEN GÖK ÖNÜMLERI GDA-NYŇ BAZARLARYNDA
Türkmenistanyň oba hojalyk öndürijileri şitilhana pomidorlarynyň eksportyny iki esse artdyrdy. Türkmen eksportçylarynyň önümleri Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Owganystanda üstünlikli ýerlenýär. Şitilhana pomidorlarynyň aglaba bölegi, 32 müň tonnadan gowragy Russiýa Federasiýasyna iberildi. Bu, Türkmenistana Russiýa Federasiýasynda şitilhana pomidorlaryny iň köp üpjün edijiler sanawynda 4-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. «East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň piki...
«MERKEZI AZIÝA–KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 14-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde gibrid görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi. Nobatdaky mejlisiň çäklerinde diplomatlar MA-KR-nyň Daşary işler ministrleriniň 1...