RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Ýan

TÜRKMENISTANDA EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA BENZIN ÖNDÜRILÝÄR

Nebit we gaz öndürýän ýurtlaryň nebit-himiýa önümçiligini döretmek arkaly öz ykdysadyýetlerini diwersifikasiýa etmegi bütin dünýäde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan işdir. Diňe soňky ýyllarda «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» täze önümçilik toplumlarynyň, Gyýanly polimer zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy ýaly uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirildi. Uglewodorod çig malyny gaýtadan ymykly işleýän bu kärhanalaryň hemmesi innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyry...

DOWAMY
pic
21 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 54-SI HASABA ALYNDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, awtoulag benzinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI ÖZBEGISTANA SAPARY AMALA AŞYRDY

2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti G...

DOWAMY
pic
17 Ýan

DERDE DERMAN MELHEMLER

Derde derman melhemleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli kärhanalarynda mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri hem welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasydyr. Kärhananyň hünärmenleri melhem palçyklary, deňiz duzuny öndürýärler. Kärhana her ýylda terapewtiki we kosmetiki önümleriň 400 müň gabyny, şol sanda dünýä belli Mollagara palçygynyň 200 müň gabyny, wulka...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMEN-ÖZBEK DIMARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

Şu gün, 17-nji ýanwarda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki ga...

DOWAMY
pic
17 Ýan

HALYÇYLARYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERI

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň agzybir hem-de zähmetsöýer çeper elli halyçylary ene-mamalarymyzdan gelýän bu gadymy hünäre yhlas edip, 2021-nji ýyly ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jemlediler. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, şeýle hem halyçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde ýylyň dowamynda 20 million 694 müň 223 manatlyk ýokary hilli haly we haly önümleri dokalyp, bu baradaky ýyllyk meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu görkeziji kärhan...

DOWAMY